Bagy-bossanly diýarymyz

13 Ýanwar 2021
1343

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelinlikde, oňat durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýär. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda gazanylan ykdysady ösüşler, durmuşa geçirilen dürli maksatnamalar, alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady, syýasy ösüşi dowam etdirip, halkymyz üçin uly möçberli mümkinçilikleri berdi we bu işler dowam edip gelýär.

Garaşsyzlygymyzyň her bir ýyly syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitleri bilen ak geljegi nazarlap barmagy halkara abraýynyň ýokarlanýandygyndan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar tarapyndan goldanylýandygyndan, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirilýändiginden nyşandyr.

Bäşim MUHYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ekologiýa we ylym bölüminiň hünärmeni.