Täzelikler

13 Ýanwar 2021
1184

Türkmenabat şäherindäki pamyk egriji fabrigiň işçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp zähmet goşantlaryny goşdular. Geçen ýylda fabrigiň öndüren ýokary hilli nah ýüplükleriniň 80 göterimi Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksporta ugradyldy.

Bu ýerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Kämil tilsimatlar ornaşdyrylan önümçilikde işleýänleriň iş şertleri öňküsinden has gowulandy. Üç çalşykda işleýänleriň ulaglarda gatnadylmagy kadaly ýola goýuldy, işçileriň saglygyna lukmançylyk gözegçiligi amala aşyrylýar, iş arakesmelerinde dynç almak we naharlanmak üçin ähli amatlylyklar döredildi. Bu bolsa zähmet görkezijileriniň ýokarlanmagyna-da täsirini ýetirýär. Kärhananyň ýolbaşçysy Nargül Abdyýewa 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilendigini aýdyp, täze ýyla ruhubelent gadamlar bilen girişendiklerini aýdýar.