Baky abadançylygyň mekany

11 Ýanwar 2021
1230

Müňýyllyklara uzaýan taryhyň dowamynda parahatçylygy, abadançylygy ähli zatdan ýokarda goýan mähriban halkymyz arassa asmanyň astynda agzybir il bolup, millet bolup ýaşamagy bagtyň başy saýypdyr. Pederlerimiziň arzuwlan häzirki bagtyýar zamanynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda parahatçylygy, dostlugy dünýä ýaýýan baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gün-günden artýar. Hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek 1995-nji we 2015-nji ýyllarda biragyzdan ykrar edilen Türkmenistan halkara hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, sebitde we dünýäde adamzadyň ýagty geljegine gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürýär we bu babatda giň goldawa mynasyp bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherinde dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu babatda giň gerimli taslamalaryň ýene-de ençemesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýandygy bolsa mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar.

Begli ABDYKADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.