Nurana ertirleriň synmaz sütüni

11 Ýanwar 2021
1149

Senenamamyzda ХXI asyryň 21-nji ýylynyň hasabynyň ýöräp ugranyna eýýäm bir hepdeden gowrak wagt geçdi. Gelen ýylyň ilkinji alamatlarynyň ýakymynyň her kimiň hem ýyly duýgularyny yzarlamagy tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşygyň netijesi diýsek ýalňyş bolmasa gerek.

Aslyýetinde, şeýle sazlaşyk milli senenamamyzdaky taryhy wakalar bilen biziň ýürek buýsanjymyzyň arasynda hem bar. Ol öz milli aýratynlygy boýunça ýokary gymmatlyk derejesine göterilen beýik sazlaşykdyr, aňyýetimiziň ruhy çeşmesi hökmündäki belentligi boýunça elýetmez çyragdyr. Bu mukaddeslikleriň gözbaşynda milli Liderimiziň durmagy bolsa türkmen döwletini parahatçylykly ýaşaşmagyň we özara ynanyşmagyň bütindünýä sazlaşygynyň öňbaşçylarynyň hataryna çykarýar.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.