Binanyň gurluşygy ýokary depginde

8 Ýanwar 2021
1272

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dürli maksatly binalar, önümçilik kärhanalary, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Bu döwrebap binalar halkymyza ygtybarly hyzmat edip, etrapdyr şäherlerimiziň, obalarymyzyň görküne görk goşýar. Köneürgenç şäherinde hem soňky ýyllarda birnäçe önümçilik kärhanalary, orta mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda hem şäheriň merkezi köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köneürgenç etrap şahamçasynyň iki gatly edara binasynyň gurluşyk işleri ýokary depginde barýar. Bu binanyň gurluşygyny welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylary alyp barýarlar.

Şu günler bu ýerde binanyň suwag işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şeýle hem binanyň aýna-gapylaryny oturtmak işlerine-de taýýarlyk görülýär. Parahat Togalakow, Şatlyk Şukurow, Meýlis Annaýew, Dädemyrat Kakajanow ýaly tejribeli ussalar has netijeli zähmet çekýärler. Gurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna degişli hünärmenler berk gözegçilik edýärler. Bu binanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap binalar şäheriň gözelligine gözellik goşýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.