Ählumumy ösüşiň möhüm çelgileri

8 Ýanwar 2021
1377

Mälim bolşy ýaly, 6-njy ýanwarda paýtagtymyzda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda onlaýn usulynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň žurnalistleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyş edip, tamamlanan ýylda merkeziň ýerine ýetiren işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Aşgabat jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, gurama agza döwletlere ýaýradylmagynyň ähmiýeti we dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler bilen bagly meseleler bolsa maslahatyň esasy özenini düzdi. Geçen, 2020-nji ýylyň dowamynda möhüm çärelerdir seneleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, hanym Natalýa German hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 12-nji dekabrda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň netijelerine ýokary baha berdi hem-de Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde bitaraplyk syýasatynyň ornuny hemmetaraplaýyn ykrar edýän Aşgabat jemleýji resminamasynyň ähmiýeti barada has giňişleýin durup geçdi. Belli bolşy ýaly, bu resminama golaýda BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, Baş Assambleýanyň nobatdaky 75-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Aşgabat jemleýji resminamasynda 2021-nji ýylyň esasy wakasy hökmünde halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek hakynda milli Liderimiziň başlangyjynyň goldanylmagy bolsa «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň öňbaşçysy hökmünde ýurdumyzyň dünýä syýasatyndaky abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar.

Nazar REJEPNAZAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.