Ilçi işe başlady

8 Ýanwar 2021
1306

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlag sözlerini ýetirdi.