Asudalygyň goragynda

8 Ýanwar 2021
1376

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijelerine, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipelere garaldy.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, Milli Goşunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durmalydygyny hem-de türkmen döwletiniň harby-syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmalydygyny belledi. Bu strategiýanyň mazmuny ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi nazara alnyp, işlenip taýýarlanylan, goranyş häsiýetli Harby doktrinadan hem-de alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrumyzdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

«Aşgabat».