Resmi habarlar gysga setirlerde

8 Ýanwar 2021
1233

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Inden hat gelip gowuşdy. Onda: «Jenap Şin Sung-çuly Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belleýändigimi Siziň Alyhezretiňize hormat bilen habar berýärin. Jenap Şin Sung-çuluň özüniň belent abraýy hem-de ýokary ukyplylygy bilen biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy mundan beýläk-de berkitmek we özara bähbitleri ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär.

* * *