Bagt gadamy mübärek!

8 Ýanwar 2021
1587

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň hem asudalygyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan eziz ýurdumyzyň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen täze, 2021-nji ýyly garşy aldy. Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragyna mübärek gadamy bilen gelen bu ýylda ata Watanymyzy şöhratlandyrýan uly toýumyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanar. Eziz Diýarymyzda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütünleri, goşa ganaty bolan Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň şanly seneleri sazlaşykly utgaşyp, toýlary goşa-goşadan gelýän ýyllary bagta besleýär.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň bosagasynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy hem-de geljek ýylda öňde durýan maksatnamalaýyn wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär. Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak esasynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen bu başlangyjynyň abraýly halkara gurama tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň mertebesini beýgelden taryhy ähmiýetli waka boldy. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz giňişleýin Hökümet mejlisinde ýurdumyzda 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi. Täze ýylyň aýratynlygyny alamatlandyrýan bu başlangyç göwünlere ganat, arzuwlara zynat, täze üstünliklere beslenjek täze ýylyň bagt gadamyna egsilmez bat berdi.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».