Halkara gatnaşyklaryň hukuk binýady

7 Ýanwar 2021
1201

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň goldamagy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygynyň, döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr, halkara ähmiýetli möhüm taryhy wakadyr.

Adamzat ýaşaýşynyň parahatçylyga, ynanyşmaga, goraga, howpsuzlyga bolan zerurlygy hemmelere mälim hakykatdyr. Parahatçylygy, howpsuzlygy, adamlaryň abadan ýaşaýşyny syýasy diplomatik, durmuş-ykdysady, hukuk, ruhy-ahlak, medeni usullar bilen gazanyp bolýandygyny Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüş arkaly parahatçylyk tejribesi tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhüm halkara-hukuk guraly bolmagy, Bitaraplygyň mazmunynyň baýlaşmagy, onuň ösüş ykbaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijeliligi bilen baglanyşyklydyr.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.