Parahatçylygyň röwşen ýoly

7 Ýanwar 2021
1252

6-njy ýanwarda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda ýerleşýän edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň žurnalistleri işjeň gatnaşdy. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň žurnalistleri onlaýn görnüşinde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Maslahatda geçen ýylda alnyp barlan işler barada giňişleýin beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Aşgabat jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, köpçülikleýin ýaýradylmagynyň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly, tamamlanan ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllyk ýubileýi boldy. Bu sene Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gabat gelýär. Şonuň üçin hem bu şanly sene taryhy wakalara mynasyp boldy. Maslahatyň dowamynda Aşgabat jemleýji resminamanyň Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny barada hem giňişleýin gürrüň edildi.

«Mugallymlar gazeti».