Beýik maksat — bagtyýar geljek

7 Ýanwar 2021
1411

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly üstünliklere beslenen ýyl bolar

Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ösüşli, özgerişli gadamlara beslän halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen täze ýyly garşy aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp özgerişleriň, ösüşleriň, şanly wakalaryň, gowulyklaryňdyr öňe ilerlemeleriň köp sanlysyny ýurdumyza peşgeş beren 2020-nji ýyl taryha girdi. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de maksadaokgunly başlangyçlarynyň netijesinde köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan uly işleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da arşa göterdi.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».