Dostlukly gatnaşyklaryň merkezi

7 Ýanwar 2021
1709

Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda täze, 2021-nji ýyla gadam basdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl ählumumy abadançylygyň, hoşniýetli dostlugyň alamaty bolup geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ol baky bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýan we oňa ygrarlylygy bilen halkara jemgyýetçiliginiň hormat-sarpasyna mynasyp bolan ylalaşdyryjy ýurtdur. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilen ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu abraýly guramanyň şol mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan ägirt uly işleriniň özboluşly ykrarnamasy bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi parahatçylyk söýüji halkymyzyň dost-doganlyk ýörelgelerine uly sarpanyň nyşanydyr.

Ata Watanymyzy dünýä tanatmakda, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýjemal NAZARGYLYJOWA,
Gumdag şäherindäki 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy.