Adam balasy — iliň lälesi

6 Ýanwar 2021
1172

Çaga — durmuşyň güli. Halkymyz maşgalada köp çagalylygy ileri tutýar. Gadymy döwürden bäri ene-mamalarymyz şaý-sepleri çagalara owadanlyk we daşky täsirlerden goramak üçin dakypdyrlar.

Çaganyň tahýasyna gözden-dilden gorasyn diýip, guş-gumrularyň käbiriniň, aýratyn-da hüwiniň ýeleklerini berkidipdirler. Tumar köplenç üçburçluk edilip, köýnegiň ýakasynyň sag tarapyna çatylypdyr. Kähalatlarda tumarlar arçadan ýa-da nar agajyndan hem ýasalypdyr. Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän obalarda tumarlar borjak we ýemşen atly gyrymsy agaçlardan taýýarlanylypdyr.

Ogulhan BAZAROWA,
Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň müdiri.