Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

6 Ýanwar 2021
1110

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Geçen ýylyň 18-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

2020-nji ýylyň dowamynda bilelikde amala aşyrylan işleriň netijeleri, GDA-nyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we özara gatnaşyklary kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz ýokary derejeli mejlisde çykyş edip, Arkalaşygyň çägindäki gatnaşyklary däp bolan we döwrüň öňe çykaran täze ugurlary esasynda ösdürmäge degişli ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Mekan GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň arbitraž kazyýetiniň kazyýet kätibi.