Rowaçlyklara beslenýän döwletli ýörelge

5 Ýanwar 2021
1482

Täze, 2021-nji ýylyň halkymyzyň ak arzuwlaryny, döwletli ýörelgelerini, jemgyýetçilik agzybirligini, hoşniýetli däp-dessurlaryny, döredijilikli başlangyçlaryny alamatlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara beslenmegi her birimizi täze ruhubelentlige atarýar. Çünki her ýyl bir döwri, sepgidi alamatlandyrýar. Täze sepgide gadam basanymyzda, öň meýilleşdiren işlerimiziň näderejede üstünlikli amal edilendigini seljermäge çalyşýarys, ýeneki menzilde täze maksatlara ymtylyp, olaryň myrat bolmagy üçin etsem-goýsamlarymyzy niýetleýäris, meýilnamalar düzýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna girjek 2020-nji ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň oba-şäherleriniň, şol sanda paýtagt şäherimiz Aşgabadyň bütinleý täze keşbe giren, şanyna şan goşan ýyl boldy. Bu ýylyň ady dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 25 ýyl dolmagy bilen häsiýetlendirildi. Bütin ýylyň dowamynda ajaýyp şygar bolup ýaňlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ady halkymyz üçin diňe bir uly baýramçylygy aňlatman, eýsem, ol bize öz geçmişimize, döwletimiziň saýlap alan halkara-hukuk ýagdaýyna göz aýlamaga, halkymyz üçin oňyn Bitaraplygyň berýän artykmaçlyklaryny, onuň sebitde, umuman, tutuş dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmaga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezmäge mümkinçilik berdi.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».