Röwşen geljege rowaç gadamlar

5 Ýanwar 2021
1464

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, iňňän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär. Şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny äleme ýaýýar.

Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan we apalanan mukaddes arzuwynyň wysal bolandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki gün türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň agzybirlik hem-de parahatçylyk arkaly öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasaty, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesi täze çuňňur many-mazmun, ýürekleri joşdurýan täzeçe röwüş bilen baýlaşýar.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.