Türkmen Bitaraplygy: belent ynam bilen aýdyň geljege

4 Ýanwar 2021
1376

BMG agza döwletleriň arasynda Aşgabat jemleýji resminamasyny resmi taýdan ýaýratdy

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

"Nesil".