Şöhrata beslenýär şanly ýyllarymyz

4 Ýanwar 2021
1487

Ata Watanymyz parahatçylyk arkaly ösüşli menzillere, şanly üstünliklere tarap ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda biz päk niýetler, ýagşy umyt-arzuwlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji gatlaryny agdaryp başladyk. Ulus-ilimiziň göwni, nurana meňzi deý ýylgyryp gelen ýylymyzyň adynda çuňňur many-mazmun jemlenýär. Çünki parahatçylyk, asudalyk, dost-doganlyk we hoşniýetlilik milli Liderimiziň diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňe sürýän syýasatynyň, tutumly başlangyjynyň özenini düzýär.

Dana pederlerimizden miras galan ýörelgelerde hem tekrarlanylyşy ýaly, halkymyz il-günüň abatlygynyň, dünýäniň parahatlygynyň gadyr-gymmatyny dünýe baýlygyndan ileri tutupdyr. Şu mukaddes ýol-ýörelge, asylly düşünje Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan we ileri tutulan ugurlaryň biri bolup, ol ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerlemeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Merjen KÄBÄÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.