Resmi habar

4 Ýanwar 2021
1236

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.