Täzelikler

4 Ýanwar 2021
1179

«Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň başarjaň ussalary tamamlanylan ýyly zähmet üstünliklerine beslediler. Olar tarapyndan öri meýdanlaryny suwlulandyrmakda öwgä mynasyp işler bitirildi.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda guýy ussalarynyň birleşen tagallalary arkaly täze guýularyň 2-si gazyldy. Möhüm işler Hojambaz we Çärjew etraplarynyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Bulardan başga-da geçen ýylda guýularyň 10-a golaýynyň durky täzelenildi. Degişli işleriň agramly bölegi Çärjew etrabynyň «Serdar», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynda berjaý edildi. Edaranyň iş öndürijisi Serdar Berdiýew tarapyndan baştutanlyk edilýän guýy ussalary täze başlanan ýylda hem maldarlaryň ýakyn hemaýatkärleri bolmagy maksat edinýärler.