Milli ýörelgelerimiziň halkara ykrarnamasy

4 Ýanwar 2021
1232

Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçen il-günüňe ak ýürekden hyzmat etmek, töwerek-daşyňa sylaşykly bolmak, ýagşy işleri durmuşa geçirmek, birek-birege hemaýat etmek ýaly türkmeniň köki-damary siňen, ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýän nusgalyk häsiýetleri jemgyýetimiziň baýlygydyr. Pederlerimiz islendik dawanyň gepleşikler geçirilip çözülmegini ýol-ýörelge edinipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde hem Şükür bagşynyň keşbi arkaly ata-babalarymyzyň ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmakda diňe parahatçylykly ýollary gözländiklerini beýan edýär.

Hakykatdan hem, Türkmenistan milli ýörelgelerimize mahsus bolan ynsanperwerlik syýasatymyzy gyşarnyksyz alyp barmak bilen, diňe bir öz halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, baýlaşmagyna gönükdirilen syýasaty ýöretmän, eýsem sebit, bütin dünýä ähmiýetli syýasy hem-de ykdysady amallary ýerine ýetirmäge nusgalyk meseleleri teklip edýär, goňşy we dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary ýokary derejede ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Arslan TAGANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.