Adamzadyň köňül nagşy

4 Ýanwar 2021
1144

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky pähimler

Kitap akyl-paýhasy ösdürmekde ynsan üçin iň gymmatly hazynadyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salýar. Şonuň ýaly-da jemgyýetçilik aňynyň kämil, ýokary derejede ösmegi üçin zerur serişdedir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ilatynyň jemgyýetçilik aňynyň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň eserleriniň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eser okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri dünýä halklarynyň hem uly gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Munuň şeýledigine bu kitabyň ýapon, azerbaýjan, rus, türk, arap dillerine terjime edilip, halk köpçüligine ýaýradylandygy hem şaýatlyk edýär.