Bitaraplyk ýörelgesine eýerip

4 Ýanwar 2021
1039

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Halkara diplomatiýada onuň «Aşgabat jemleýji resminamasy» diýlip atlandyrylandygyny bellemeli. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berdi.