Şöhrat - şana beslenen aý

4 Ýanwar 2021
993

Şeýlelikde, Täze, 2021-nji ýyl hem ýetip geldi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylyň soňky aýynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakalary barada ýatlatmak ýerlikli bolardy.

1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.