Beýik işleriň eýýamy

4 Ýanwar 2021
1101

Aşgabadyň abadançylygyň hem parahatçylygyň merkezi hökmündäki abraýy bu gün sebitiň çäginden çykyp, tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmagynyň hem hut şu belent maksatlardan ugur alýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu çagyryş häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly: «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr». Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara derejeli maslahatlar, forumlar, medeni-syýasy çäreler baş şäherimizde bu ugurda amal edilýän beýik işleriň aýdyň dabaralanmasydyr. Gün-günden görkana keşbe eýe bolup, türkmeniň gözel kalbyny aýdyň şöhlelendirýän paýtagtymyzyň täsin binagärlik keşbi häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň köp binalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Baýrammuhammet ATANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.