Bular «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda boldy 2020-nji ýylda welaýatymyzda bolup geçen wakalar, ulanyşa berlen desgalar

4 Ýanwar 2021
1354

Maý

5-nji maýda welaýatymyzda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de beýlekileriň gatnaşmaklarynda geçirilen mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.