Täze ýylyň şatlygy

4 Ýanwar 2021
1376

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly welaýatymyzda aýratyn uly ruhubelentlik we joşgun bilen garşylandy. Täze ýylyň ilkinji gününiň baýramçylyk ruhy ýylyň şygaryndan göwni galkynan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki şatlygyndan we begenç alamatlaryndan göründi.

Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde welaýatymyzda egsilmez joşguna utgaşan dabaralar geçirildi. Şolaryň esasylarynyň biri-de welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.