Möhüm wakalar

2 Ýanwar 2021
2054

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde döwlet Baştutanymyz futzal boýunça türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna bardy we şol ýerde toý bagyny kesdi. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we wagyz edijisi bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de sportda ýokary gazanylanlaryň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şeýle-de şol gün Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Täze okuw binasynyň toplumyna 720 okuwçy orunlyk mekdep hem-de 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary girýär. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler, zerur bolan ýagdaýynda bolsa beýleki daşary ýurt dilleri hem öwrediler. Şeýle hem okuw maksatnamasy aýdym, çeper döredijilik, tehniki gurnama ýaly dersler we beýlekiler bilen baýlaşdyrylypdyr.