Türkmenistanlylar 2021-nji ýyly garşyladylar

1 Ýanwar 2021
1728

Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam uran Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Dabarany alypbaryjylar watandaşlarymyzyň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutladylar. Soňra türkmen paýtagty bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerini baglanyşdyrýan däp bolan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanýandygy yglan edildi. Göni ýaýlym ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi.

TDH-niň habary esasynda.