Welaýatymyzda Täze ýylda doglan ilkinji çaga

1 Ýanwar 2021
1627

Her gün ýurdumyzyň çar künjünde köp çaga dogulýar, ýöne Täze ýyl gijesinde dogulmak çaga we onuň maşgalasy üçin uly mana eýe. Welaýatymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününde  — 1-nji ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjylary Babamyrat Kurýazow bilen Totyjan Haýitbaýewanyň maşgalasynda gyzjagaz dünýä indi. Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlarynyň habar bermeklerine görä, çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly, gyzjagazyň agramy 4 kilogram 100 gram, boýy 52 santimetr.

Maşgalanyň bäşinji çagasy bolan bu gyzjagaza milli däp-dessurlarymyza esaslanyp, maşgala geňeşiniň gelen karary bilen Enehan adyny dakypdyrlar.