Ýagşy umyt-arzuwlar bilen

1 Ýanwar 2021
1338

Meýdançada jadyly gyş bagy döredildi. Şol ýerde neon bezegleri haýran galdyryjy keşbi emele getirýär.Ýeňiljek gurnamalar özboluşly seýilýodajyklaryň wezipesini ýerine ýetirýärler. Ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşany bolan şadyýan öküzjik ýurdumyzyň Baş arçasynyň özboluşly baýramçylyk bezegine öwrüldi.

Her bir täze ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylamak halkymyzyň ajaýyp däbine öwrüldi. Mähriban halkymyz 2021-nji ýyly hem geljege uly ynam bilen garşylady. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady.

«Aşgabat».