Arkadagyň paýhasy

1 Ýanwar 2021
1845

Ýyl başlanýar bu gün biziň illerde
Ady bilen beýik PARAHATLYGYŇ,
Ady bilen keramatly YNAMYŇ!
Damja ömri ummanyna gatdygym,
Keremine sygynanym, syganym —

Ata ýurdum!
                          Gutly bolsun Täze ýyl,
Goý, hemişe rowaç bolsun ýollaryň!
Sen çelgi saýlap sen GOŞA GUDRATY —
Isläp onuň giň jahana dolmagyn.

Kakamyrat REJEBOW.