“Sanly çözgüt — 2024”: emeli aň ugry hem girizildi

1 Iýul 2024
33

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokarda agzalan bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar.