AT&T we AST SpaceMobile adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün ederler

22 Maý 2024
310

AT&T öýjükli aragatnaşyk operatory hem-de AST SpaceMobile hemra aragatnaşygy operatory adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün etmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.

Munuň özi 2030-njy ýyla çenli niýetlenen uzakmöhletleýin täjirçilik hyzmatdaşlygynda göz öňünde tutuldy. Bu başlangyç ilki ABŞ-nyň çägini soňra bolsa, dünýäniň ähli ýurtlaryny gurşap alar.