Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

21 Maý 2024
653

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň kämilleşdirilmegine döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza giňden ornaşdy, ähli pudaklarda bu ugurdan uly işler alnyp barylýar. Ösen döwrümizde ýaşaýyş jaýlarynyň hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýe bolýandygyny bellemek gerek. Munuň özi sanly ulgamyň özgertmelerde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Ýurdumyzda ähli pudaklar sanly ulgamyň mümkinçiliginden giňden peýdalanýarlar, ösüşlere beslenýän döwrümizde täze, innowasion tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda dürli pudaklarda halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek babatda işler barha rowaçlanýar. Munuň özi bu ugurda kämil maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly internet we onlaýn ulgamlaryna birikmek, ylmy maglumatlary toplamak we paýlamak ýaly usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň berýän şeýle mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan ylym-bilim işgärleri-de dünýäniň iň täze gazananlaryny, ylmy açyşlaryny yzygiderli öwrenýärler we ösdürýärler. Alymlar tarapyndan nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar babatda ileri tutulýan ugurlar yzygiderli öwrenilýär. Bu ylmy ugurlary öwrenmekde dünýä alymlary tarapyndan onlaýn maslahatlar, sanly ulgam arkaly geçirilýän ylmy maslahatlar jemgyýetde aýratyn orna eýedir. Şunda ösen sanly ulgamyň mümkinçilikleri işi ilerletmäge örän oňat ýardam edýär.

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistranty.