Halyçy gyzlaryň arasynda haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik işi başlandy

17 Maý 2024
262

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda çeper elli halyçy gyzlaryň arasynda “Türkmen halysy – milli buýsanjymyz” atly gelin-gyzlaryň haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik işi başlandy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyp geçirilýän bu bäsleşik, Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşýan halyçy gelin-gyzlaryň çykyşlaryny bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek üçin siz hem öz sesiňizi 0560 gysga belgisine toparyň degişli kod belgisini iberip bilersiňiz! Ses berişliginiň netijelerini turkmentv.gov.tm saýtyndan yzarlap bilersiňiz! Toparlar: