Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

15 Maý 2024
363

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen deň hatarda bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, çylşyrymly tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilip, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmek bilen milli ykdysadyýetimize kämil ulgamy ornaşdyrmaga badalga berildi. Bu bolsa bilim ulgamynyň işinde hem öňegidişlikleri gazanmaga giň ýol açdy. Internetiň, sanly ulgamyň üsti bilen okuw sapaklaryny guramak, okatmagyň täzeçe usullaryna çemeleşmäge giň mümkinçilikler bar.