Aragatnaşyk ulgamynyň aýdyň ýoly

15 Maý 2024
306

Adamzadyň ösüşlerini, öňegidişliklerini ýollardan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Ähli gatnaşyklar ýollar bilen bagly. Ýollary gurmak, emele getirmek welin, köňülleriň töründäki isleglerden başlanýar.

Orta asyrlarda Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly kemala gelipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde ykrar edilen eziz Diýarymyz bolsa, hemişe-de netijeli gatnaşyklaryň tarapdary bolmagynda galýar. Ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmek babatda halkara maslahatlarydyr duşuşyklaryň geçirilmegi hem-de golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi, ata-babalarymyzyň ýola beren ünsüniň häzirki döwürdäki şöhlelenmesidir.

Merdan TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.