«Honor» Hytaýyň smartfon bazarynyň liderine öwrüldi

28 Aprel 2024
220

«International Data Corporation» halkara seljeriş we maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazaryndaky ösüşiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,5 göterime deň bolandygy mälim edildi. Bu ösüş, esasan, ýerli öndürijiler «Honor» we «Huawei» kompaniýalarynyň bazardaky işjeňliginiň artmagy bilen bagly. Has takygy, «Honor» özüniň «Magic 6» smartfonyny bazara çykarmak bilen, Hytaýyň smartfon bazarynda lidere öwrüldi. Hasabat döwründe Hytaýyň smartfon bazarynyň 17,1 göterimi «Honor» kompaniýasyna degişli boldy.

Taýýarlan: Abdylkaýýum ABYLLAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.