Sanly bilimiň orny

26 Aprel 2024
277

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ähli derejede hünärmenlere sanly ulgamyň işini öwretmek, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, olaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan kompýuter ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşýanlaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron hyzmatlar (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.

Maýa REJEPOWA,
Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň mugallymy.