«Yandex Cloud» Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlaryny işe girizdi

16 Aprel 2024
271

Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi.

Munuň özi Gazagystandaky (Karaganda şäheri) Maglumatlary gaýtadan işleýiş merkeziniň (MGIM) binýadynda serwer infrastrukturasy bolan täze kz1 sebitiniň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy.