Dünýäde iň köp satylan smartfonlar belli boldy

14 Aprel 2024
243

«iPhone 15», «iPhone 13» we «Samsung Galaxy S23 FE» 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde iň köp satylan smartfonlar boldy. Bu barada Hytaýyň «Chaodian» seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda bellenilýär.

2023-nji ýylyň soňky üç aýy boýunça «Apple» kompaniýasy 5,3 million sany «iPhone 15» we 2,4 million sany «iPhone 13» smartfon satdy. «Samsung Galaxy S23 FE» eltelefonynyň 2,2 million sanysy satyldy. Öňdebaryjylaryň bäşligine «iPhone 14» we «Galaxy S23» smartfonlary degişlilikde, 1,9 million we 1,7 million birlik bilen girdi.

Taýýarlan: Aýlar Hudaýberenowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.