Ýaşlara bilim bermekde innowasion-multimediýa tehnologiýalarynyň orny

13 Aprel 2024
352

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.

Başlangyç synplar umumybilim berýän mekdebiň ilkinji basgançagy bolup, olarda ene dili dersi esasy orna eýedir. Bu ders boýunça okuwçylaryň sözleýiş medeniýeti kämilleşdirilýär. Olar sesleri seljerip bilýärler. Sözleriň sesler boýunça biri-birinden tapawutlanýandygyna düşünýärler, diktantyň dürli görnüşlerini ýazmagy başarýarlar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň, bilim en-dikleriniň ösmegine, okamak, ýazmak, hasaplamak, pikirlenmek endikleri bilen bile-likde, özüne gözegçilik etmegine, özüni medeniýetli alyp barmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerini ele almagyna gönükdirilendir. Ene dili dersinde alnyp barylýan işler çeper edebiýata söýgi döretmegi, ene dilini many-mazmuny bilen öwretmegi göz öňünde tutýar. Geçilýän sapaklarda bilim berijilik, terbiýeleýjilik, ösdürijilik meseleleri umumylykda çözülýär.

Muhammet POLADOW,
Dänew etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.