“Senagat töleg” ykjam programma bilen meýletin haýyr-sahawat serişdelerini tölemek mümkinçiligi

13 Aprel 2024
345

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde, bagtyýar, zähmetsöýer, Watana wepaly nesil kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.