Hereketli hem-de sanly sport oýunlary

10 Aprel 2024
693

Ata Watanymyzda ýokary netijeli sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Edilýän taýsyz tagallalaryň netijesinde ýaşlaryň barha köpüsi sport bilen meşgullanýar. Bu hereket biziň ýokary okuw mekdebimizde hem giň gerime eýe bolýar. Talyp ýaşlary sportuň adaty görnüşleri bilen birlikde sportuň dünýäde barha ýaýrawy giňelýän görnüşlerine hem çekýäris.

Döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän aladalaryndan ruhlanýan ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalar bilen bagly sport görnüşleri hem barha uly meşhurlyk gazanýar. Olara sportuň toplumlaýyn fijital sport görnüşi degişlidir. Bu görnüşde türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýädäki garşydaşy bilen bäsleşýär. Ýeri gelende, «fijital» sözüniň «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birleşmeginden emele gelip, «hereketli — sanly sport» diýen manyny berýändigini belläsimiz gelýär.

Laçyn ÖWEZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.