Dünýäde iň takyk sagat döredildi: ol 39,15 milliard ýyldan 1 sekunt ýalňyşlyga ýol berýär

7 Aprel 2024
266

ABŞ-nyň Boulder şäherindäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary 39,15 milliard ýylda bir sekunt ýitirýän sagat döretmek bilen, öňki rekordyny täzelediler diýip, «Arxiviň» gözlegine salgylanýan «New Scientist» ýazýar.

Bu sagatdaky ýalňyşlygyň näderejede ujypsyzdygyna düşünmek üçin 39,15 milliard ýylyň 13,8 milliard ýyllyk ýaşy bolan Älemiň barlygyndan, takmynan, üç esse köpdügini bellemek gerek.

Taýýarlan: Akmämmet Muhammetnyýazow,
TDEI-niň mugallymy.