Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

24 Mart 2024
558

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ýurduň durnukly ösüşi üçin bar bolan mümkinçilikler işjeň durmuşa geçirilýär. Hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalar ösdürilýär. Munuň özi köp babatda ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan inženerleriň, ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şonuň netijesinde bu günki günde üstünlikleriň gazanylmagy üçin ylmyň, önümçiligiň we berilýän bilimiň arasyndaky baglanyşyk has-da berkidilýär. Häzirki bilim özgertmelerinde şu talabyň ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Bilim, ylym önümçilik bilen içgin sazlaşdyrylýar, talyplar ylmy barlaglara çekilýär, önümçilik tejribelik okuwlarynyň hili ýokarlandyrylýar.

Merdan ANNAGELDIÝEW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.