Hyzmatlar kämilleşdirilýär

11 Mart 2024
424

Ylmyň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi döwrüň tizliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Şeýle döwürde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri durmuşyň dürli ugurlarynda döreýän meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga, çylşyrymly işleri ýeňilleşdirmäge kömek edýär. Şeýlelikde, sanly ulgamy ornaşdyrmak durmuş zerurlygyna öwrülýär. Diýarymyzda hem dürli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hyzmatlary ýerine ýetirýän gulluklaryň hünärmenleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça işler hem amala aşyrylýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň jemleýji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwrebap keşbi kemala gelýär. Bilim ulgamyndan başlanan sanlylaşdyrma häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklarynda, döwlet hyzmatlarynda, hususy işewürlikde we beýleki ugurlarda netijeliligini subut etdi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem resminamalaryň dolanyşygy döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen, tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Gullugyň ähli düzüm birlikleriniň arasynda yzygiderli guralýan okuw sapaklary harby gullukçylaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özleşdirmegine we gulluklaryny döwrebap derejede alyp barmagyna ýardam edýär. Gullugymyzyň «migration.gov.tm» resmi internet sahypasy bolsa raýatlara migrasiýa işi bilen baglanyşykly zerur maglumatlaryň ählisini özünde jemleýär. Bu bolsa resminama dolanyşygyny kämilleşdirmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga kömek edýär.

Batyr JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.